Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

20 Ýanwar 2021
1146

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky tagallalary her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam basan Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muňa aýdyň nyşandyr. Bu maksatnamada milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, milli däp-dussurlarymyza söýgi döretmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, ýaşlar syýasaty boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýaly meseleler ilkinji orunda görkezilýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlary ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmak, ýaş telekeçilere goldaw bermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi ýaşlary ruhlandyrýar, şol bir wagtda olarda uly jogapkärçilik duýgusyny oýarýar.

Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmakary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Ýaş nesliň ylym-bilimde, sportda, döredijilikde gazanýan üstünlikleri bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýaşlar baradaky ýadawsyz aladalaryna olaryň mynasyp jogabydyr.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.