Bilimli nesil — kuwwatly Watan

20 Ýanwar 2021
959

Döwrebap bilim berilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladasy netijesinde möhüm işler amala aşyrylýar. Şeýle şertlerden peýdalanýan halypa mugallymlar tarapyndan okatmagyň täzeçe usullary ornaşdyrylýar. Şol usullar bilen okadýan ýaş mugallymlaryň hem orny uludyr. Çünki, halypa mugallymlar degerli maslahatlary berseler, ýaş hünärmenler sanly ulgama esaslanyp, täze usullary durmuşa ornaşdyrýarlar.