Işine ussat mugallym

18 Ýanwar 2021
1111

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Dünýä ylmynyň ösüşinden, döwrüň şu günki talabyndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa mugallymlaryň paýyna düşýär. Taryhymyzy çuňňur öwrenip, ýaş nesliň zamanabap bilim almagy üçin yhlas edýän mugallymlaryň biri-de Dänew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Alyşer Narkulyýewdir.

Ol okuwçylaryň her bir sapagy doly özleşdirmekleri, taryhymyzy içgin öwrenmekleri üçin meýilnama boýunça okuw gezelençlerini guraýar. Okuwçylar taryhymyzy içgin öwrenmek bilen, guralýan okuw gezelençleriniň dowamynda sapakda öwredilýän maglumatlaryň üstüni doldurýarlar, adamzat gymmatlyklaryny, geçmişimiziň ýeke-täk nusgasyna öwrülen maddy ýadygärliklerimizi synlamaga mümkinçilikler alýarlar. Öwrenýän maglumatlary olaryň Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Zergül YLÝASOWA,
Dänew etraby.