Bürünç medala mynasyp boldy

16 Ýanwar 2021
1298

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär. Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 7 — 12-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVII Halkara olimpiadasy geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Musa Artykow fizika dersi boýunça gatnaşyp, üçünji orna — bürünç medala mynasyp boldy. Ony bäsleşige mekdebiň fizika mugallymy Yhlas Apbasow taýýarlady.

Ýeri gelende aýtsak, zehinli okuwçy 2019-njy ýylda hem Hindistan döwletiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orny eýeläpdi.

Jennet NURMÄMMEDOWA.