Kämilligiň berk binýady

14 Ýanwar 2021
1389

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Onuň şeýledigini ýaşlarymyzyň durmuşy, okuwy, işi we dynç alşy bilen bagly esasy wezipeleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy hem aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz ýaşlaryň çuňňur bilim almagyna, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama boldy. Şeýle hem onda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygy, döwlet goldawy görkezilýär.

«Mugallymlar gazeti».