Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

14 Ýanwar 2021
1613

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek, umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.