Pähim-paýhasa ýugrulan kitap

14 Ýanwar 2021
1504

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitapda nakyllaryň, rowaýatlaryň beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde ynsanyň mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi, ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Çünki ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ylym-bilim gerekdir. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamlaryň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek”.

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.