Edep-terbiýeli ýaşlar — döwrümiziň bezegi

13 Ýanwar 2021
1197

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim, ylym, edep-terbiýe bermek bilen bir hatarda, olary millilige, pederlerimizden miras galan medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Giň dünýägaraýyşly, bilimli, edep-terbiýeli, ýokary ahlak sypatly şahsyýetleri kemala getirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Hut şonuň üçinem ähli babatda ilki özümiz ýaş nesillere nusga bolmalydyrys, çünki olar görüm-göreldäni, edep-terbiýäni ululardan alýarlar. Şol sebäpden hem görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ynsanyň özüni alyp barşyndan, sözleýşinden, ula goýýan hormatyndan, kiçä bildirýän sarpasyndan gözbaş alýandygyny ýaşlaryň aňyna yzygiderli ýetirmelidiris.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri amala aşyrýar. Ýaşlara döredijilik, ylym, taslama işleri bilen meşgullanmaga, dünýäde gazanylan öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary öwrenmäge, özleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bolsa ýaş nesliň öňünde Arkadag Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sazlaşykly ösýän jemgyýetimizde ýaşlaryň bilimde, ylymda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, mertebesini has-da belende galdyrmakda öz goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak borjumyzdyr.

Abadan JEPBARBERDIÝEWA,
Serdar etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.