Sanlylaşdyrmak: wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

13 Ýanwar 2021
1354

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda bilim ulgamy hakynda şeýle durup geçdi: «Döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejede döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygider alnyp barylýar».

Abdylla RAHMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.