Kitaphana ulgamynyň döwrebap ösüşi

13 Ýanwar 2021
1206

Adamzat jemgyýetiniň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda gazanylan ösüşlerde çeper edebiýatyň, saz sungatynyň, neşir önümleriniň orny juda uludyr. Halkymyzyň kitaba bolan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Pederlerimiz geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň, milli ýörelgeleriň üsti bilen terbiýeläpdir. Kitap maglumat almagyň we toplamagyň ygtybarly serişdesidir. Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynyň möhüm pudagy bolan kitaphanaçylyk işini ösdürmegi hem üns merkezinde saklaýar. Muňa ähli welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Kitaphana işinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, bitewi elektron katalog ulgamynyň we elektron kitaplary okamak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi kitaphana hünärmenleriniň işiniň ýeňilleşmegine mümkinçilik döretse, beýleki bir tarapdan kitaphanamyzda bar bolan neşir önümleriniň abat saklanylmagyna uly ýardam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz kitaplaryň hem-de kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhynyň milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillere ýetirmelidiris.

Ogulhan MÄTDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň direktory.