Ylma we tehnika daýanyp

13 Ýanwar 2021
1395

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, degişli işler ýola goýulýar. Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen ylmy, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesinden hem belli bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik, önümçilik, sarp ediş üçburçlygyna netijeli täsirini ýetirýän sanly ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli önümçilik pudaklaryny öz içine alýar. Şunda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmy-barlag işleri ylmy synaglaryň we seljermeleriň barşynda anyk netijeleri ýüze çykarýar we önümçilige hödürleýär. Sanly tehnologiýalar ylmy işleri alyp barmagyň has netijeli bolmagyna getirýär hem-de ylmyň has elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Sanly ylym internet arkaly hyzmatdaşlygy ulanmak bilen utgaşyklylykda umumy we wirtual ýagdaýlarda ylmy barlaglary geçirmek üçin maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň esasynda döredilen elektron üpjünçilik ulgamyny, onuň berýän hyzmatlaryny ulanmaga şertleri has artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen çuň parasatly sözleri ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde baş ýörelge bolup durýar. Şunda sanly ulgam, ylym, täze tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýet ýurdumyzyň beýik ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda köpugurly işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiz biziň her birimiziň kosmos tizlikli dünýädäki ösüşlere dahylly bolmagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize köpugurly mümkinçilikleri döredip berdi. Täze innowasiýalar we sanly ulgam ylymda-bilimde, önümçilikde, telekeçilikde, oba hojalygynda, senagatda, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitleri eýelemäge şertleri has-da artdyrdy.

Merdan MÄMMETJUMAÝEW,
TYA-nyň Himiýa institutynyň Tehnologiki we kadalaşdyryjy resminamalar bölüminiň 1-nji derejeli inženeri.