Täze üstünlikleriň girewi

12 Ýanwar 2021
1114

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşleri durnukly ýagdaýda bolmak bilen, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny görkezip, täze ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Eziz Diýarymyzda ykdysadyýetiň yzygider ösdürilýändigini, önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylýandygyny, senagata hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylan ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we geljeginiň has-da röwşendigini dünýä aýan etdi.

«Mugallymlar gazeti».