Ilkinji okuw sapagy

12 Ýanwar 2021
2114

Bilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim-ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm ugra degişli kabul eden Permandyr Kararlarynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.