Halkara ders bäsleşigi

10 Ýanwar 2021
1277

Mälim bolşy ýaly, 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan geçirilýän fizika, matematika we informatika dersleri boýunça halkara ders bäsleşigi başlandy. Oňa Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň hem topary gatnaşýar.

Her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşige dünýäniň ençeme döwletlerinden zehinli okuwçylar gatnaşýar. Ynha, bu ýyl hem dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

«Mugallymlar gazeti».