Barha kämilleşdirilýän ulgam

10 Ýanwar 2021
1145

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň ilatynyň biliminiň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň işjeň hereketine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri, olaryň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňeýär.

Gunça SERDAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.