Ýagşylykda ýatlanýar

8 Ýanwar 2021
1439

Özünden ýagşy at galdyran öten-geçenleri ýatlap durmak türkmeniň aňyna, ganyna siňen häsiýetleriň biridir. Halkymyz ýagşysyny öňem ýatlapdyr, häzirem ýatlaýar, geljekde-de ýatlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde mynasyp ynsanlary ýatlap, çäreleri geçirmekligiň asylly däbe öwrülendigini aýratyn nygtamak gerek.

Şeýle çäreleriň biri mekdebimizde obadaşymyz Tuwakgül Höwezowanyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Ene-atasynyň dakan ady Tuwakgül bolsa-da, Köşek ady bilen tanalan bu zenan talapkär mugallymdy, tutanýerli ýolbaşçydy. Obadaşlary oňa hormat bilen Köşek mugallym, Köşek ejeke ýa-da Köşek daýza diýip ýüzlenerdiler.