Merjen däneleri gözläp il söken...

7 Ýanwar 2021
1713

Meniň bilen köp ýyl bäri gadyrly gatnaşyp ýören okumyş ýaşuly golaýda öz şahsy kitaphanasyndan birnäçe kitap sowgat berdi. Olaryň arasynda halk hazynasyny toplaýjy Ümür Eseniň 1994-nji ýylda çap edilen «Türkmen aganyň edebi» diýen kitaby-da bar eken. Elimi ilki şoňa uzadanymy duýman galdym. Kitabyň «Sözbaşysynda» meşhur mirasgär barada: «... dür dänelerini eşrepi ýaly görüp, uzak ýyllaryň dowamynda oňa güýç-kuwwatyny, duýgy-düşünjesini, akyl-paýhasyny sarp edip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup, abyrsyz hazynany toplap, il-güne lükgeligi bilen gaýdyp bermegiň aladasy bilen ýaşaýan adama Ümür Esen diýýärler. Ol şol ady bilen Garaşsyz Diýarymyzyň her bir künjeginde tanalýar, hormatlanýar.

Onuň irginsiz gözlegleriniň, hysyrdyly zähmetiniň netijesinde dörän, «Bäý-bä, türkmenem daş ýarýan akyl-paýhasly, inçeden yzarlaýan duýgy-düşünjeli halk eken-ow!» diýdirýän gazet-žurnal makalalaryny okamadyk, gürrüňlerini diňlemedik türkmen seýrek bolsa gerek» diýilýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».