Ak şäherimiz — ak bagtymyz

6 Ýanwar 2021
1469

Taryhyň has irki döwürlerinde hem şähergurluşygynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alan gadymy binagärlik däpleri bilen ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň utgaşmagyndan kemala gelýän gözel paýtagtymyzyň özboluşly täsin keşbi ähli halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly amala aşyrylýan işleriň ýokary depginini üpjün etmek, şäheri abadanlaşdyrmak, ulanmaga berilýän desgalary talabalaýyk saklamak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga beslemek, ilata edilýän durmuş we medeni hyzmaty döwrüň talabyna laýyk ýokary derejede guramak, arassaçylygy üpjün etmek babatda bitirilýän toplumlaýyn işleriň baş şäherimiziň bedew batly ösüşinde ähmiýeti örän ýokarydyr.

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu gün diňe bir sebite däl, bütin dünýä şugla saçýar. Şunda bu belent dereje bilen bagly baş şäherimizde amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti has ýokarydyr. Çünki şol belent maksatlaryň badalgasynyň öz gözbaşyny ak şäherimizden alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň halklaryny agzybirlige, parahatçylyga, durnukly ösüşlere çagyrýan, bu mukaddeslikleri dabaralandyrýan halkara derejesindäki iri forumlaryň, konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilýän merkezi, parahatçylygyň we asudalygyň pugtalandyrylmagyna, syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ylalaşyklaryň gazanylýan meşhur şäheri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şol belent maksatlar hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, eziz paýtagtymyz Aşgabadyň abraý-mertebesini belende galdyrdy, şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Öz Watanyna buýsanýan her bir türkmen raýatyny gazanylýan üstünlikler öňküden-de uly hyjuw bilen halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Serdar ÖWEZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeni.