Sagdyn hem-de bilimli ýaşlary ýetişdirmek

3 Ýanwar 2021
1484

Ýakynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipeleri boýunça geçirilen maslahatda «Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli» diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi. Munuň özi bilim-terbiýeçilik, medeni-jemgyýetçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň has-da işjeňleşdirilmegine, guramaçylyk we usulyýet babatda kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Milli ýörelgelerimize laýyklykda, ýaşlara türkmençiligiň asyl nusgasynda terbiýe bermek wagyz-nesihat işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, milli jemgyýetçilik-köpçülik işlerinde ýaşlaryň terbiýesine we sagdyn ösüp kemala gelmeklerine bagyşlanan çärelere aýratyn orun berilýär. Bu asylly wezipeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşdirilýär we döwrüň ruhuna görä wagyz-nesihat çäreleri, medeni-jemgyýetçilik işleri işjeň amala aşyrylýar.

Jumagül JÜMMIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.