Belent maksatlaryň badalgasy

4 Sentýabr 2024
447

Altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary diňe bir okuwçy ýaşlary däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, ähli bilim işgärlerini hem begendirdi. Ol gün ak mekdebe ilkinji gezek gadam basan körpeje nesiller üçin has-da tolgundyryjy boldy. Döwrüň berkararlygyny, zamananyň bagtyýarlygyny buşlaýan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, şirin aýdym-sazlar ýaňlandy, baýramçylyk dabarasy guraldy. Şol gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklary açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle ruhlandyryjy günüň çärelerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin şöhratly geljegi gurmaga gönükdirýän taýsyz tagallalary barada buýsanç bilen gürrüň edildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni diýlende, hemmeleriň, hatda mugallymlaryň hem aňynda, ilki bilen, öz mähriban mugallymlarynyň keşbi janlanýar. Şahyryň:

Bagtygül HANGELDIÝEWA,
Ahal welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.