Ter­bi­ýe bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy

2 gün öň
29

Bagtyýar zamanada ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda watansöýüjilik, ýokary ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär.

Türkmen halky hemme wagtlarda-da nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşipdir.

Maýa HALLAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 79-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.