«Bereketli» — kämillige gol berýän hojalyk jemgyýeti

23 Iýun 2024
77

Milli haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň aglabasynyň soňky ýyllarda döredilendigine garamazdan, bu ugurda eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän telekeçiler hem bar. Şolaryň biri hem 1992-nji ýylda esaslandyrylan «Bereketli» hojalyk jemgyýetidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň telekeçileri ähli ugurlarda innowasion usullary özleşdirmek boýunça baý tejribe toplap, häzirki döwürde täze tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrýarlar. «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri muňa aýdyň mysaldyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň telekeçileri ähli ugurlarda innowasion usullary özleşdirmek boýunça baý tejribe toplap, häzirki döwürde täze tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrýarlar. «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri muňa aýdyň mysaldyr.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».