Üstünlikleriň aýdyň beýany

23 Iýun 2024
282

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hakynda aýratyn durup geçmek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy.

Häzirki wagtda bu taryhy resminama we durmuşa geçirilýän özgertmeler barada bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bilim röwşen geljegimizi üpjün edýän, ýaşlaryň kämilligini peşgeş berýän güýçdür. Ol döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap mekdepler, bilim edaralary hereket edýär. Şonuň üçin hem bilim işgärleriniň hünär derejesini hem yzygiderli ýokarlandyrmak zerur bolup durýar.

Mahmut ÝAZOW,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.