Ýaş nesil röwşen geljegimizdir

23 Iýun 2024
268

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, kämil we watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek jana-jan borjumyzdyr. Häzirki döwürde milli terbiýä, asylly ýörelgelere, bilim öwretmegiň döwrebap usullaryna uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinde bilim bermegi terbiýe bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň watansöýüji bolmagyny gazanmak ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şonuň üçin hem perzentlere çagalygyndan berlen edebiň edil daşa ýazylan ýaly bolýandygyna pederlerimiz ynanypdyrlar. Bu ýörelgeden ugur alyp, terbiýäniň ene hüwdüsinden başlanýandygyny bellemek zerurdyr. Muny çagalar bagynda asylly dowam etmek gerek. Körpelerde öwrenmek endigini ösdürmek, olara dürli ertekileriň üsti bilen ýagşylygy ündemek oňat netije berýär. Ýagşylyk hakyndaky pikirleriň kemala gelmegi hem olarda kämilligiň ilkinji basgançagyny ýola goýýar. Diýmek, maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýan terbiýe, bilim nesilleriň kämilliginde berk binýat bolup hyzmat edýär.

Mähri ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri.