Ýaşlary şatlandyran pursatlar

21 Iýun 2024
143

Sarahs etrabyndaky bilim ojaklaryny 2023-2024-nji okuw ýylynda tamamlanan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka mekdep uçurymlaryna orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bilen baglanyşyklydyr.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň bagtyýar ýaşlarynyň 1091-si bilim alan ak mekdepleri bilen hoşlaşyp, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalary gowşurmak dabarasy olaryň buýsanjyny goşalandyryp, kalbyny heýjana getirdi. Şatlykly günde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Batyr NARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.