Bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

20 Iýun 2024
168

Ak bugdaý etrabynyň çäginde orta mekdepleriň 46-sy hereket edip, olaryň ählisinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Has anyk aýdylanda, mekdeplerde synpdan-synpa geçiş we gutardyş döwlet synaglarynyň tamamlanmagy bilen bilim ojaklarynda abatlaýyş işlerine bada-bat girişildi. Munuň özi ak mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletlerde ýerine ýetirip, bilim ojaklaryny täze okuw ýylyna taýýarlyk ýagdaýyna getirmäge şert döreder.

Ýeňil abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, okuw otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplar we beýleki abzallar bilen üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berler. Mundan başga-da, etrapda hereket edýän çagalar baglarynda hem ýeňil abatlaýyş işleri göwnejaý alnyp barylýar. Bu tagallalar täze okuw ýylyna taýýarlykly barmaga mümkinçilik berer.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.