Bilim täzeçilligiň we döredijiligiň çeşmesi

19 Iýun 2024
153

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ulgamdaky başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan möhüm işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Her ýylda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi üstünlikli amala aşyrylýar.

Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dürli maglumatlar gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Şonuň ýaly-da, bilim-terbiýe bermek işlerinde döwrüň talabyna görä innowasiýa esaslanýan täze başlangyçlar öňe sürülýär, hukuk, okuw-usuly esaslary pugtalandyrylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.