Ösüşiň berk binýady

19 Iýun 2024
155

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylmyň-bilimiň ösdürilmegi, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň täze gazananlarynyň, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy, zawod-fabrikleriň toplumlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagy, ýerasty we ýerüsti baýlyklardan ýerlikli peýdalanylmagy döwletimiziň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagyna, uly ösüşlere beslenmegine, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Ähli ulgamlarda geçirilýän düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýar we ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagy talap edýär. Şu nukdaýnazardan-da, ýurduň ykdysadyýetini we sosial ulgamyny ýokary hünärli ylmy işgärler bilen üpjün etmek, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ylym-bilim edaralarynyň işgärleriniň ylmy we hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň ylmy-tehniki kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriň we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, şeýle hem ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň işleri döwrebap ýola goýlup, olaryň ylmy-tehniki syýasatymyzy netijeli amala aşyrmak, täze tehnologiýalary döretmek maksatly maddy-tehniki binýatlary berkidildi.

Bilşimiz ýaly, döwrebap habar beriş we kommunikasiýa tehnologiýasy jemgyýetiň ösmegine we adam gatnaşyklaryna uly täsir edýär. Çünki täze tehnologiýa diňe bir önümçiligiň oňyn usullaryny üýtgetmän, eýsem, her bir şahsyýetiň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, bilim derejesini ýokarlandyrmagyna hem mümkinçilik döredýär. Hut şoňa görä-de, Diýarymyzyň ylym-bilim edaralary döwrebap habar beriş çeşmeleridir internet ulgamy bilen üpjün edilip, ylmyň dürli ugurlary boýunça toplanan maglumatlar gaznasy, çap edilen makalalar, okuw kitaplary we ylmy işleri barada maglumatlar ylmy we merkezi kitaphanalaryň üsti bilen ýaş nesillere ýetirilýär. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-kliniki merkezlerde hem internet ulgamynyň netijeliligini artdyrmakda ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda internet torunyň döredilmegi bolsa, diňe bir dünýä ylmynyň gazananlaryny peýdalanmak we zerur bolan maglumatlary toplamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, ýurdumyzdaky bolup geçýän täzelikleri, ylmy ösüşleri dünýä ýaýmaga-da itergi berýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.