Bilim — geljegiň binýady

15 Iýun 2024
192

Şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanyp, Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Okuwçylaryň arasynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde ýeňiş gazananlar hem bar. Munuň özi geçen okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanandygyny aňladýar.

Jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka hasaplanýan bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy aýratyn şatlyk we joşgun bilen bellenildi. Uçurymlar täze, özbaşdak durmuş ýoluna ynamly, ruhubelent, maksada okgunly gadam basmak bilen, okamaga, döretmäge, döwrebap bilimleri we ylymlary öwrenmäge, tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň kuwwatyny, halkara at-abraýyny artdyrmaga höwes edýärler. Olarda şular ýaly uly maksatlaryň, ýagşy arzuwlaryň bolmagy mugallymlary çäksiz begendirýär. Ýaş nesiller hakynda edilýän aladalar ýaşlyk hyjuwyny artdyrýar, belent maksatlara tarap ganat bagladýar.

Şöhrat SARYÝEW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hünärmeni.