Ýaşaýşyň ýalkymy

12 Iýun 2024
173

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň yzygiderli bilim, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasy häzirki zaman jemgyýetde intellektual zähmetiň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygynyň esaslaryny goýmaga giň gerim berilýär.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe. Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaş nesiller ummasyz aladalar bilen gurşalandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň uzak ýyllara niýetlenen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar baglary, döwrebap umumybilim berýän, orta hünär, ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim maksatly binalaryň ýyl-ýyldan artyp barşy diňe bir bilim ulgamynyň işgärleriniň däl-de, perzendiniň ýagty geljegini arzuwlap, olary ak mekdeplere ugradýan her bir ata-enäniň hem göwnüni galkyndyrýar.

Aýbölek KAZAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň uly buhgalteri.