Watan, saňa hyzmat — ömrüň manysy!

12 Iýun 2024
171

Watan iň beýik mukaddeslikdir. Watan ömrümiziň manysydyr. Hut şonuň üçinem, türkmen nesilleri dünýä inen gününden başlap, ata Watana bolan çäksiz söýgi ruhunda terbiýelenýär. Şeýdibem şu topragyň gujagynda watansöýüji nesiller bolup kemala gelýär. Ine, ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okap, döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlaýan harby uçurymlaryň dogumy, gaýraty munuň aýdyň subutnamasydyr. Çünki iň beýik söýgi ata Watana bolan söýgüdir. Ata Watan ýurt ogullarynyň ykbalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň kämil binýady kemala gelýär. Ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç zatda kynçylyk çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen parasatly sözlerinden gözbaş alan giň gerimli harby özgertmeler Watan goragçylarynyň maşgala ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyryp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýşi ýaly, ata Watanymyzyň sarsmaz goranmak kuwwatyny üpjün edýär. Elbetde, şeýle beýik başlangyçlary durmuşa geçirmekde, belent watansöýüjilik ruhundaky harby gullukçylary kemala getirmekde ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerine möhüm orun degişlidir.

Gurbanmyrat Saryýew,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.