Ömürlere bezeg berýär sport hem-de sagdynlyk

12 Iýun 2024
169

Ýurdumyzda sportuň ösmegi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ýaýbaňlanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmeklerinde möhüm ähmiýetlidir. Diýarymyzyň şäherlerine, şäherçelerine, obalaryna bezeg berýän döwrebap sport desgalary sporty söýýänleriň, aýratyn-da, ýaş nesliň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň özi döwlet derejesindäki ägirt uly aladalaryň netijesinde, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Halkyň saglygyny hemmetaraplaýyn goramak we berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de netijeli sporty ösdürmek, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň hataryndadyr.

Sporty ösdürmekde, olimpiýa hereketini wagyz etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işlere dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky buýsançly subutnamasyna öwrüldi. 

Rahymberdi Tuwakow,
Esenguly etrap polisiýa bölüminiň bölümçe müdiri, polisiýanyň maýory.