Beýik Ýüpek ýoly — dostluk ýoly

12 Iýun 2024
237

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň okuwda, zähmetde, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri dogrusynda söhbet edilýär. Ylymly-bilimli, belent ahlakly, giň gözýetimli ýaşlar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara derejesindäki çärelere hem işjeň gatnaşýarlar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy-da möhüm wakalaryň biri boldy. Şonuň çäginde geçirilen işewürlik duşuşygynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy forumda ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hakynda-da pikir alşyldy. Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar şeýle görnüşli çäreleriň ýaşlaryň durmuş işjeňligini has-da artdyrmaga, halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, raýatlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge itergi berýändigi baradaky pikiri goldadylar.

Oral TEMIROW,
mirasgär.