Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

11 Iýun 2024
392

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýdyň mysaldyr. Bu Konsepsiýa 8 bölümden ybarat bolup, bilim ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy üçin uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim berýän edaralarda okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy. Umumybilim berýän orta mekdepler bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda üznüksiz baglanyşygy alyp barmak işinde bolsa mugallymlar we terbiýeçiler taýsyz tagalla edýärler. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam etdirilip, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, özbaşdak pikirleniş endikleri has-da kämilleşdiriler we ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler.

Ogulsona BOPPYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.