Bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär

9 Iýun 2024
378

Umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 – 2024-nji okuw ýyly üstünlikli jemlendi. Öňümizdäki okuw ýylyna täze ruh, täze başlangyçlar bilen barmak üçin ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem talabalaýyk guraldy. Ýerlerde hereket edýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep mugallymlary hem çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin terbiýeçi mugallym hökmünde tagalla edýärler. Mugallymlar dynç alyş günleri hem çagalaryň ukyp- başarnyklarynyň döredijilik dünýäsi bilen utgaşdyrylmagyny unutmaýarlar. Olar çagalaryň sport maşklaryna we ýaryşlaryna bolan höweslerini artdyrmak ugrunda hem döredijilikli zähmet çekýärler. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdagalyjy pursatlara beslemek bilen bagly işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ähli mugallymlary buýsandyrýar. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň has-da döredijilikli işlemeklerini talap edýär. Şu maksat bilen, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary bilen fizika dersi boýunça ýörite kämilleşdiriş okuwlaryny guraýarys. Öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda degerli maslahatlary berýäris. Kämil tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda bolsa, sowal-jogaplar alşylýar.

Myratgeldi ÝARBAZOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň esasy ylmy işgäri.