Kuwwatly Watan

7 Iýun 2024
272

Türkmenistanyň bilim syýasaty — bu döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ylmy-tehniki ösüşi, jemgyýetiň ynsanperwerleşmegini hem-de medeniýetiň ösdürilmegini gazanmagyň möhüm guralydyr. Bilim syýasaty jemgyýeti we döwleti ösdürmek babatda öňde duran wezipelere laýyklykda, düýpli maksatlarydyr wezipeleri kesgitleýär, döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşykly hereket etmegi arkaly olaryň durmuşa geçirilmegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň kepillendirilişi bilen birlikde, döwletiň her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýändigi kesgitlenilýär. Bu konstitusion kada döwletimiziň her bir raýatynyň bilim almagy üçin zerur bolan şertleri döretjekdigi babatynda öz üstüne borçnamalary alýandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (ÝUNFPA), Ösüş maksatnamasy (UNDP), Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) ýaly düzüm bölekleri bilen çaganyň irki ösüşi, inklýuziw bilim, çagalaryň hukuklary, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek ýaly meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Gülbahar PYGAMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiri, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy.