Aşgabat — şähergurluşygyň täze keşbi

5 Iýun 2024
225

Öňňin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik- gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu ylmy maslahat Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300  ýyllygyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy. Dünýäniň ençeme döwletleriniň professor-mugallymlaryny we alymlaryny bir ýere jemlän bu maslahatda binagärlik-gurluşyk ulgamynda bar bolan zerur meseleler barada giňişleýin pikir alşyldy. Şäherlerde we obalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara ylmy-amaly maslahat «Binagärlik innowasiýalar, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri», «Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak», «Şäherleriň durnukly ösüşi» atly bölümler boýunça üstünlikli dowam etdi.

Maslahatda ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň birnäçe professorlarydyr alymlary öz köpýyllyk tejribelerine daýanyp, binagärlik-gurluşykda täze, döwrebap taslamalaryň amala aşyrylmagy dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler. Bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki häzirki wagtda ylmyň täze gazananlary döwür bilen aýakdaş gitmäge, ähli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilik berýär. Maslahatda guralan çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynýandygy buýsanç bilen bellenildi. Döwrebap ýaşamak, işlemek hem-de dynç almak üçin ähli amatlyklaryň döredilýändigi dogrusynda täsirli söhbet edildi. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan beýik işler, täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylýanlygy, öňdebaryjy binagärlik çözgütleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.