Ylmy täzeçilligiň gözleginde

5 Iýun 2024
229

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, harby ylym ulgamynda hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän harby hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar.

Ylym — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetiminiň giňeldilmegini, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.

Ýazmyrat BABAJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.