Ýaş watançynyň üstünligi

5 Iýun 2024
156

Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär. Şu başlangyçlardan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşanlara umumy sowallary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Hydyr Altyýew özüniň ukyp-başarnygy bilen tapawutlanyp, I derejeli diplom bilen sylaglandy.

Äşe NURMEDOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň taryh mugallymy.