Bilim ulgamyndaky üstünlikler

5 Iýun 2024
164

Milli bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ösüşiň ýokary hil derejesini alamatlandyryp, täze üstünlikleri kepillendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýadawsyz alada edýär. Munuň özi bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmeginde, ulgama maýa goýumlaryň yzygiderli bölünip berilmeginde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdeplerdir çagalar baglarynyň gurlup ulanmaga berilmeginde has-da aýdyň görünýär.

Ezizmyrat Myradow,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 30-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.