Ýaş nesil hakynda alada

5 Iýun 2024
161

Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy we öwrenmegi, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ýaş nesliň mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly, edepli bolmagynda, döwrebap bilim almagynda, hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilen.

Biz hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi üçin uly alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini nusga edinip, kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahatlaryny, sport ýaryşlaryny, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bilelikde geçirýän şeýle çärelerimiziň dowamynda olaryň pikirini diňleýäris, sowal-jogap alyşýarys.

Sülgün Päliwanowa,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.