Watanymyzyň geljegi ýaşlara bagly

5 Iýun 2024
443

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu asylly işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda mynasyp dowam etdirmek ýaş nesle bagly bolup durýar. Şonuň üçinem ähli ulgamlarda giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenlerden talap örän ýokarydyr. Çünki Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar.

Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şeýle bolansoň, biz beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki ulgamlaryň wekilleri bilen bilelikde, wagyz-ündew işlerimiziň netijeliligini gazanmaga çalyşýarys. Aýratynam, ilkinji zenanlar guramalary bilen ýaş gyzlaryň arasynda geçirýän çärelerimiziň netijesi, gyzlaryň bilimde we el işlerini ýerine ýetirmekdäki üstünlikleri bizi hasam begendirýär. Çünki bu günki gyz — ertirki ene. Gyzlaryň sagdynlygyny goramak, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny, ylym-bilimli bolmaklaryny gazanmak babatda alnyp barylýan işler, ene-atalar, mugallymlar bilen birlikde, bizi-de buýsandyrýar.

Jennet Aşyrowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.