Ylmy açyşlar — durmuşa

5 Iýun 2024
203

Ylym ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çünki ol ähli ösüşleriň, rowaçlyklaryň gönezligidir, kämil ýaşaýyş medeniýetiniň çeşmesidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara daýanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça edilýän giň gerimli tagallalar öz oňyn miwelerini berýär. Ylmyň iň täze gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, ýaş alymlary hem bu ugurdaky işlere önjeýli goşant goşýarlar. Häzirki wagtda institutda ylymlaryň doktorlarynyň 4-si, ylymlaryň kandidatlarynyň 50-si, dosentleriň 14-si zähmet çekmek bilen, talyp ýaşlara zamanabap bilim bermek, hünär öwretmek ýaly jogapkärli işinden daşary ylmy gözlegler bilen hem meşgullanýarlar. Olaryň ylmy açyşlary, täzeçil teklipleri durmuşda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, bu baýry ylym-bilim ojagynyň alymlarynyň taýýarlamagynda neşir edilen okuw kitaplary, gollanmalar ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden peýdalanylýar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.