Üstünligiň ýolunda

5 Iýun 2024
234

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyp ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämil bilim bermekde, hünär öwretmekde uly öňegidişlikler gazanylýar. Muňa olaryň tamamlanyp barýan okuw ýylynda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ders, ylmy-taslama bäsleşiklerinde gazanan netijeleri hem aňryýany bilen güwä geçýär. Guwandyryjy üstünlikler örän köp. Biz talyp ýaşlaryň diňe soňky iki aýyň dowamynda ýeten belent sepgitleri dogrusynda söhbet etmegi makul bildik.

Geçen aýda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly bäsleşik serkerde şahyryň adyny göterýän institutyň talyplaryna şowlulyklary getirdi. Matematika we informatika hünäriniň talyby Gurtgeldi Hanow şol basleşikde altyn medala mynasyp bolup, öz okaýan bilim ojagynyň abraýyny belende galdyrdy. Ol aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Milli gözleg innowasiýalar uniwersiteti tarapyndan matematikadan guralan 10-njy halkara internet olimpiadasynda hem ikinji orny eýeläpdi. Institutyň talyplary Läle Berdiýewanyň, Aýgül Balowanyň, Melike Jumaýewanyň, Sülgün Babaýewanyň hem şol halkara bäsleşiginde baýrakly orunlary eýeländikleri diýseň begendirýär.

Myrat BAGŞYÝEW.