Çagalar — biziň geljegimiz

5 Iýun 2024
181

Akyl-paýhas oýunlary çagalar üçin örän peýdaly bolup, beýniniň işjeňligini artdyrýar, zehinini ýitileşdirýär. Olara düzzüm, şaşka, küşt oýunlary, matallary, tapmaçalary çözmek ýaly birnäçe güýmenjeler degişli bolup, bu oýunlar çagalaryň birek-biregi bilen dostlaşmaklaryna, pikir alyşmaklaryna hem uly itergi berýär.

Akyl-paýhas oýunlarynyň akyl saglygymyza hem peýdasy bar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, olar fiziki taýdan işjeňligimizi artdyrýar, beýnä yzygiderli gan baryp durmagyny we onuň öýjükleriniň ösmegini üpjün edýär hem-de dartgynlylygy azaldýar. Oýun döwründe ünsüňi bir ýere jemlemeklik beýniniň öýjükleriniň arabaglanyşygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý ýatkeşligiň has-da artyp, zehiniň ýitileşmegine täsir edýär. Şeýle-de gaharjaňlykdan daşda bolup, tersine, şähdaçyk bolmagymyza hem örän peýdalydyr. Bu bolsa tutuş bedenimiziň saglygyny goramak üçin esasy açardyr.

Täçnabat ORAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.