KÄMILLIGIŇ ÇÄGI ÝOK

5 Iýun 2024
147

Mugallym beýik ynsanlaryň biri. Çünki, mugallym çaganyň ikinji ene-atasy hasaplanylýar. Sebäbi çaga günüň köp bölegini mekdepde geçirýär, şonuň bilen-de mugallymyň göreldesine eýerip, bilim hem terbiýe alýar. Mugallyma mahsus oňat häsiýetleri özünde jemleýän, okuwçylara gyzgyn mähir bilen garaýan mugallymlaryň biri-de Alma Atajumaýewadyr.

Alma mugallym 1984-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Soňra 1985 — 1991-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini okap, bilimini ýokarlandyrýar. Okuwyny üstünlikli tamamlan Alma mugallym Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işe başlaýar. Mugallymyň çekýän yhlasly zähmeti oňa üstünlik getirýär. Onuň ders bäsleşiklerinden taýýarlan okuwçylary etrap, welaýat, hatda döwlet tapgyrlarynda hem baýrakly orunlary almagy başarýarlar. “Işleseň, il tanar” diýlişi ýaly, 2011-nji ýyldan bäri Alma mugallym Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde zähmet çekip gelýär.