Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda

5 Iýun 2024
237

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmaga, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýene-de bir döwletli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminama bolup durýar. Ol girişden we 8 bapdan ybarat: Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy; Konsepsiýanyň esasy maksady we wezipeleri; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlyk; Konsepsiýany amala aşyrmagy maliýeleşdirmek; Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeler.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.