Hytaýda we Rumyniýada hünär öwrenerler

5 Iýun 2024
199

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda köpugurly işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolan dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi-de barha giňeýär. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň we Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda ilerledilýän gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Hytaýyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň ençemesi okaýar.

Şu ýyl hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin şertleri döretmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alnyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy. Bu ýerde resminamalary kabul ediş işleri ýokary derejede, guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.