Watanymyzyň kuwwaty

4 Iýun 2024
239

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Taňyrguly ORAZGULYÝEW,
Gökdepe etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.