Çaga — durmuşyň güli

4 Iýun 2024
261

Ösen jemgyýetimizde, agzybir maşgalalarda, döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynda hem-de saglyk ulgamynda özara sazlaşykly, aýdyň maksatly işler alnyp barylýar. Bu hakykat Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, Ak bugdaý etrap hassahanasynda «Arkadagyň sahawaty — sagdyn nesliň dowamaty» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda hem aýdyň şöhlelendi. Çagalar baýramçylygyna bagyşlanyp, tomsuň ilkinji gününde geçirilen bu maslahat bagtyýar balalaryň keýpiçag gülküleri, şadyýan aýdym-sazlary hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi.

Dabarada Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewanyň, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Nurmuhammet Otuzowyň eden çykyşylary has-da täsirli boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler we gazanylýan netijeler ýylsaýyn ýokarlanýar. Halkyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesinde alyp barýan, aýratyn hem nesil sagdynlygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bu ýörelgäni adam hakdaky aladanyň iň esasy ugruna öwürdiler. Şu jähetden, bu gün Garaşsyz Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.

Agabeg ALLAKULYÝEWA,
Ahal welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.